Türkmen - "The Agzybirlik of Hudaý (M)".3gp / Туркман - "Ваҳдати Худо (М)".3gp

1:05:56
 
分享
 

Manage episode 340511193 series 3367948
由Player FM以及我们的用户群所搜索的Tajiskstan Words of Life 1 — 版权由出版商所拥有,而不是Player FM,音频直接从出版商的伺服器串流. 点击订阅按钮以查看Player FM更新,或粘贴收取点链接到其他播客应用程序里。

Туркменче - "Единство Бога (М)".3gp / Turkman - "The Birlik ning Xudo (M) ".3gp / Turkmence - "The Oneness of God (M)".3gp //
1 KORINTOSLYLAR 15 - Direliş baradaky Hoş Habar

1Indi bolsa, eý, doganlar, size wagyz eden Hoş Habarymy ýatladyp geçmekçi. Siz ony kabul edip, onda berk dursuňyz. 2Size wagyz eden Hoş Habarymy gaýym tutsaňyz, ol arkaly halas bolarsyňyz. Tutmasaňyz, biderek ýere iman etdigiňiz bolar. 3Çünki men kabul edenimi örän wajyp habar hökmünde size-de gowşurdym. Bu habar, ine, şundan ybarat: Mukaddes Ýazgylara görä, Mesih biziň günälerimiz üçin öldi. 4Ol jaýlanyp, Mukaddes Ýazgylara görä hem üçülenji gün diýlende direldi. 5Onsoň Isa Mesih Petrusa, soň Onkilere göründi. 6Mundan soň Ol şol bir wagtyň özünde bäş ýüzden-de gowrak dogana göründi. Bu doganlaryň käbiri eýýäm aradan çykdy, ýöne aglaba bölegi häzir hem diri. 7Soňra Ol Ýakuba göründi, soň resullaryň ählisine göründi. 8Iň soňunda bolsa maňa, ýagny şeýle derejä asla mynasyp bolmadyga göründi. 9Çünki men resullaryň arasynda iň kiçisidirin. Men hatda resul adyny almaga-da mynasyp däl, sebäbi Hudaýyň ýygnagyna azar beripdim. 10Emma men nähili bolsam-da, diňe Hudaýyň merhemeti arkaly şeýle boldum. Onuň maňa eden merhemeti puja çykmady: men hemmelerden-de köp zähmet çekdim. Aslynda muny men däl-de, maňa ýar bolan Hudaýyň merhemeti etdi. 11Şunlukda, isle men bolaýyn, isle-de beýleki resullar bolsun – tapawudy ýok: biz bu Hoş Habary wagyz edýäris, siz-de oňa ynandyňyz.

151集单集